Azerbaýjan Ermenistanyň hüjümlerini dowam etdirýändigini habar berdi

Beýanatda Azerbaýjanyň ýerlerine garşy belli aralyklar bilen hüjümler guralýandygy, Azerbaýjanyň harby birikmeleriniň hem degişli garşylygy görkezýändigi aýan edildi

1879708
Azerbaýjan Ermenistanyň hüjümlerini dowam etdirýändigini habar berdi

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Azerbaýjanyň goşunynyň Kelbejer we Laçyn sebitlerindäki ýerlerine garşy Ermenistanyň goşuny tarapyndan toplar bilen hüjümler guralmaga dowam edilýändigi habar berildi. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Od açmazlyk baradaky ylalaşyga garamazdan düýn gije we şu gün irden Kelbejer we Laçyndaky harby birikmelerimiz Ermenistanyň goşuny tarapyndan minomýotlar we toplar bilen hüjüme sezewar galdy. Ol ýerlerdäki harby birikmelerimiz garşylyk görkezip hüjüm gurady" diýip mälim edildi.

Beýanatda Azerbaýjanyň ýerlerine garşy belli aralyklar bilen hüjümler guralýandygy, Azerbaýjanyň harby birikmeleriniň hem degişli garşylygy görkezýändigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar