Laçyn şäheri Azerbaýjanyň gözegçiligine geçdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Laçyn şäheri bilen Zabus we Sus obalarynyň Azerbaýjanyň gözegçiligine geçendigini habar berdi

1872691
Laçyn şäheri Azerbaýjanyň gözegçiligine geçdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Şu gün 26-njy awgustda azerbaýjanlylar hökmünde Laçyn şäherine gaýdyp bardyk. Azerbaýjanyň goşuny Laçyn şäherine ýerleşdirildi. Zabuh we Sus obalary gözegçilik astyna alyndy. Şol mynasybetli ähli Laçynlylary we Azerbaýjanyň halkyny gutlaýaryn. Ýaşasyn Laçyn! Ýaşasyn Azerbaýjan!" diýip nygtady. 

II Garabag söweşiniň netijesinde Azerbaýjan, Ermenistan we Russiýa döwletleriniň arasynda 2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda gol çekişilen Üçtaraplaýyn ylalaşyga laýyklykda, wagtlaýyn häsýetde rus güýçleriniň gözegçiligine berilen, Laçyn şäheri we Zabus we Sus obalarynyň ýerleşýän Laçyn koridory diýip bilinýän liniýadan hem rus harby güýçleri hem-de ermeni ilat çykdy we sebit resmi Bakunyň gözegçiligine geçdi. 

2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda baglaşylan ylalaşyga görä, Azerbaýjan 3 ýylyň dowamynda Garabagdaky ermeni ilatyň Ermenistana gidip-gelmekleri üçin ulanjak we Laçyn şäheriniň daşyndan geçýän ýoly gurmalydy. 

Azerbaýjan 32 km uzynlykdaky şol ýoly meýilleşdirilen möhletden ir gurdy. 

Azerbaýjanyň Garabag sebitinde ýaşaýan ermeniler Ermenistana gidip-gelmekleri üçin şol täze ýoly ulanarlar. 

Täze ýoluň howpsuzlygyny rus harby güýçleri üpjün eder. 

Laçyn we onuň golaýyndaky obalar 1992-nji ýylda Ermenistanyň goşuny tarapyndan basylyp alynypdy, soňky ýyllarda ol ýere Siriýadan we Liwandan getirilen ermeniler ýerleşdirilipdi. 



Degişli Habarlar