Azerbaýjan Tokaý Ýangynlaryna Garşy Göreşýär

Aşa yssy howa we şemal ýangyna garşy göreşi bökdeýär

1870348
Azerbaýjan Tokaý Ýangynlaryna Garşy Göreşýär

Azerbaýjanda ýangynlar sebäpli 5 müň gekdarlyk tokaý ýandy.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden berlen beýannamada, ýurduň demirgazygynda başlan tokaý ýangynlarynyň öňüniň alynmagy we ýangyn söndüriş işleriniň dowam edýändigi nygtaldy.

Beýannamadai Siýezen welaýatynyň Dag Kuşçu obasynyň golaýynda başlan ýangynyň gözegçilik astyna alynandygy we sowadyş işleriniň dowam edýändigi ýatladyldy.

Beýannamada, aşa yssy howanyň we şemalyň ýangyna garşy göreşi bökdeýändigi nygtaldy.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden berlen beýannamada, ýangyn söndüriş işlerine 200 hünärmeniň gatnaşýandygy bellenildi.

Guba welaýatynyň Goşabulak obasynyň golaýynda başlan ýangynyň gözegçilik astyna alynandygy, Gebele welaýatynyň Abryh we Tikanly obalarynyň golaýynda bolan ýangynyň hem düýn agşam söndürlendigi ýatladyldy.

 


Etiketkalar: #tokaý , #ýangyn , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar