Orta Aziýa-ÝB Ýurtlarynyň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahaty Samarkant Şäherinde Geçirler

Orta Aziýa-ÝB ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň 17-nji maslahaty 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçirlipdi.

1868016
Orta Aziýa-ÝB Ýurtlarynyň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahaty Samarkant Şäherinde Geçirler

 

Orta Aziýa-ÝB ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň 18-nji maslahaty noýabr aýynda Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherinde geçirler.

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Daşary işler ministrliginiň Ýewropa işlerinden jogapkär müdüri Aýbek Şahawddinow, ÝB-niň Özbegistan boýunça ýörite wekiliniň orunbasary Mindaugas Kaçerauskas bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplaryň arasynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda, noýabr aýynda Samarkand şäherinde geçiriljek Orta Aziýa-ÝB ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň 18-nji maslahaty üçin görülýän taýarlyklar meselesi hem seljerildi.

Orta Aziýa-ÝB ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň 17-nji maslahaty 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçirlipdi.



Degişli Habarlar