Azerbaýjanyň Goşunlary Ermeni Ýaragly Güýçlerine Garşy Operasiýa Gurady
Operasiýada ermeni güýçlerine agyr zarba urlandygy habar berildi.

Azerbaýjanyň goşunlary tarapyndan Garabagdaky bikanun ýaragly ermeni güýçlerine degişli birnäçe pozisiýanyň derbi dagyn edilendigi, ozalky Agdere welaýatynyň Ýokary Oratag diýilýän ýerindäki harby birikmä howa hüjümini gurandygy habar berildi.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýannamada wagtlaýynça rus harby güýçleriniň gözegçiliginde bolan ýerlerdäki bikanun ermeni güýçlriniň şu gün irden guran terror we sabbotaž aksiýasynyň netijesinde Azerbaýjan goşunlarynyň bir esgeriniň şehit bolandygy ýatladyldy.
Beýannamada ermeni güýçleriniň Belbejer we Laçyn welaýatlaryny öz içine alýan dag ulgamyndaky Kyrkgyz belentligini almaga we ol ýerde täze pozisiýa eýelemäge synanşandygy nygtalýar.
Şol wakadan soň Azerbaýjanyň goşunlarynyň “Kysas” atlandyrylan operasiýa gurandygy, Kiçi Kawkaz daglarynyň Garabag ulgamynda ýerleşýän Sarybaba we beýleki käbir belentlikleri gözegçilik astyna alandygy habar berildi.
Azerbaýjanyň harby goşunlarynyň şol liniýada täze pozisiýalaryň gurulmagy we degişli ýollaryn çekilmegi üçin iş alyp barýandygy mälim edildi.
Operasiýanyň çäginde bikanun ýaragly ermeni güýçlere degişli birnäçe pozisiýanyň ýok edilendigi, ozalky Agdere welaýatynyň Ýokary Garabag diýilýän ýerindäki harby birikmä howa hüjüminiň guralandygy habar berildi.
Hüjümde bikanun ermeni güýçleriniň hatarynda ölenleriň we ýaralananlaryň bardygy, birnäçe D-30 gaubisa topunyň, harby ulaglaryň we köp mukdarda ok-däriniň ýok edilendigi bellenildi.
Ministrlik ermeni güýçlerine degişli harby birikmä guralan howa hüjüminiň wideo ýazgysyny hem ýaýratdy.
Degişli Habarlar

Gazagystanda pansionatlaryň birinde ýangyn boldy
Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýän pansionatlaryň birinde bolan ýangynda 13 adam ýogaldy

Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Gümrük Gulluklarynyň Maslahaty Geçirildi
Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda gümrük ugry boýunça hyzmatdaşlyk ösýär.