Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Ermenistan bilen gatnaşyklar barada maglumat berdi

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Ermenistanyň mundan beýläk anyk ädimler etmeginiň gerekdigini beýan etdi

1862879
Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Ermenistan bilen gatnaşyklar barada maglumat berdi

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen Türkiýe-Özbegistan-Azerbaýjan Üçtaraplaýyn Daşary işler, Söwda we Transport ministrleriniň maslahatyna gatnaşyp, ol ýerde çykyş etdi. 

Azerbaýjanyň topraklaryndaky basyp alyşlygyň ýaramaz täsirini aýyrmak bilen birlikde, Ermenistan bilen söweşden soň kadalaşma tapgyryna girendigini aýdan Baýramow, şol çäkde ikitaraplaýyn häsýetde özygtyýarlylyk, territorial bütewilik we döwlet serhetleriniň bozulmazlygy ýörelgeleri esasynda ikitaraplaýyn häsýetde ykrar etmek we hormat goýmak esasynda iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny teklip edendiklerini habar berdi. 

Baýramow sebitde Günorta Kawkazda durnukly, howpsuz we asuda bir gurşawyň emele getirilmeginiň şol ýerden başlaýandygyny belläp: "Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda dinamizm artýar, emma Ermenistan beýleki tarapdan gepleşikleri geçirmeýär we gepleşikleri geçirýän ýaly görünýär. Şol sebäpli ýola goýmak isleýän öňe gidişlik çäkli ýagdýada galýar. Häzirki wagtda öňümzide kemçiliksiz kadalaşma üçin taryhy mümkinçilik bar. Şondan mahrum bolmazlyk üçin Ermenistan mundan beýläk anyk ädimler etmeli. Howpsuzlyk we abadançylyk taýdan ikitaraplaýyn gazanjyň çäginde gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryna mätäçligimiz bar" diýip nygtady.



Degişli Habarlar