Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew, Türk Resmi Wekiliýetini Kabul Etdi

Iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn pugtalandyrylmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

1862796
Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew, Türk Resmi Wekiliýetini Kabul Etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Söwda ministri Mehmet Muş bilen Ulaglar we infstruktura ministri Adil Karaismailogluny kabul etdi.

Özbegistan tarapyndan berlen beýannama görä, paýtagt Daşkentde geçirlen Türkiýe-Özbegistan-Azerbaýjan Üçtaraplaýyn Daşary işler, Söwda we Ulaglar ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Özbegistana giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Söwda ministri Mehmet Muş bilen Ulaglar we infstruktura ministri Adil Karaismailoglu Prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi.

Kabul edilşikde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn pugtalandyrylmagy bilen baglaşylan şertnamalaryň durmuşa geçirilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

 



Degişli Habarlar