Azerbaýjanyň Daşary Işler Ministri Gruziýa Bardy

Baýramow paýtagt Tibliside Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy.

1855690
Azerbaýjanyň Daşary Işler Ministri Gruziýa Bardy

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, resmi sapar bilen Gruziýa bardy.

Baýramow resmi saparynyň çäginde paýtagt Tibliside Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy.

Jeýhun Baýramow duşuşykda, Azerbaýjan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlukly goňşuçylyk gatnaşyklaryna we strategik hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli saparlaryň gatnaşyklaryň pugtalanmagynda esasy rol oýnaýandygyny belledi.

Gruziýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň arasyndaky duşuşyga ýer eýeçiligini edýändigi üçin sagbolsun aýdan Baýramow, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin edilýän tagallalar hakynda Premýer-ministr Garibaşwilä maglumat berdi.

Premýer-ministr Garibaşwili hem Azerbaýjan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginden hoşaldygyny belledi.

Parahatçylyk tagallalaryna hoşallyk bildiren Premýer-ministr Garibaşwili, Gruziýanyň bu etaba goldaw berýändigini nygtady.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow şu gün Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen ilkinji gezek paýtagt Tibliside duşuşar.



Degişli Habarlar