Türkiýe, Krym Tatarlaryna Goldaw Bermäge Dowam Eder

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Bilgiç, Çerkes we Krym tatarlarynyň sürgün edilen günleri hakynda ýazmaça beýannama berdi.

1828816
Türkiýe, Krym Tatarlaryna Goldaw Bermäge Dowam Eder

Türkiýe, Krym tatarlarynyň şahsyýetleriniň goralmagy we howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin hemişe kowumdaşlaryna goldaw bermäge dowam etjekdigini mälim etdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç, Çerkes we Krym tatarlarynyň sürgün edilen günleri hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Krymyň ýerli halky Krym tatarlarynyň 1944-nji ýylyň 18-nji maýynda ene watanlaryndan sürgün edilendigini ýatladan Bilgiç, “150 müň Krym tatarynyň esasy bölegi sürgün edilşikde ýada sürgün edilen ýerlerinde ýogaldy. Şu gün şol elhenç wakanyň 78-nji ýylynda sürgün edilşikde ýogalanlary uly hormat bilen hatyralaýarys. Türkiýe, Krym tatarlarynyň şahsyýetleriniň goralmagy we howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin hemişe kowumdaşlaryna goldaw bermäge dowam eder” diýdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç, 21-nji maýda hem Çerkez sürgüniniň 158-nji ýyllynyň bellenilip geçiljekdigini nygtady.

Bilgiç, “Kawkazda ýaşaýan halklar 19-njy asyrda Patyşa Russiýasynyň Kawkazy basyp alan döwründe uly ýitgi çekdi. Wakada müňlerçe adam ýogaldy, sag galanlaryň esasy bölegi ene ýurduny terk edip Anadola geldi. “Çerkes sürgüni” hökmünde atlandyrlan bu wakanyň gynanjyny şu günki günde hem duýýarys”diýdi.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar