Taryhy Gatnaşyklarymyzy Hasam Ösdüreris

Prezident R.T.Erdogan resmi sapar bilen Ankarada bolýan Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew bilen bilelikde metbugata beýannama berdi.

1825043
Taryhy Gatnaşyklarymyzy Hasam Ösdüreris

Erdogan birnäçe ylalaşygyň gol çekişilmegi mybasybetli guralan dabaradan soň geçirilen metbugat ýygnagynda, şu ýyl Gazagystan bilen diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýylyň dolandyğyny ýatladyp; “Hormatly Tokaýewiň täze Gazagystanyň gurulmagyndaky tagallasy kanagatlanma laýykdyr” diýdi.

“Her bir ýagdaýda we şertde gazagystanly doganlarymyzy goldarys. Taryhy gatnaşyklarymyzy hasam ösdüreris” diýen Erdogan; “Türkiýe-Gazagystan söwda gatnaşyklarynyň mukdary 58 göterim ýokarlap, 5,3 milliard dollardan geçdi. Enşalla bilelikde etjek başlangyçlarymyz bilen 10 milliard dollar maksadymyza ýeteris” diýdi.

Prezident Erdogan, Gazagystan bilen Türki döwletleriň guramasynyň ýany bilen Birleşen Milletler Guramasy, Yslam hyzmatdaşlyk guramasy we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy ýaly platformalarda arkalaşygy dowam etdirmekde ygrarlylygy tassyklandyklaryny hem beýan etdi. Erdogan; “19 milliona barabar ilaty bolan Gazagystan bilen 85 million ilatly Türkiýäniň arkalaşygynyň nähili möhümdigini bilýänsiňiz” diýdi.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew bolsa sözlerine; “Türkiýäniň Prezidenti doğanym R.T.Erdogana mukaddes Anadoly topraklaryna resmi çakylygy üçin minnetdarlygymyzy beýan edesim gelýär. Biz şu gün iňňän möhüm meseleler boýunça pikir alyşdyk. Prezident Erdogan sowatly we uly hormatdan peýdalanýan syýasatçy. Şol sebäpli onuň pikirleri iňňän möhüm” diýip, başlady.

“Gazagystan we Türkiýe umumy taryhy köklere eýe dogan we dost ýurtlar” diýen Tokaýew; “Türkiýeden bize hiç hili zyýan gelmedi, elmydama ýagşylyk gördük. Şu günki güne çenli şeýle boldy we şeýle hem dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar