Ermenistan Tarapyndan Azerbaýjanyň Pozisiýalaryna Ot Açyldy

Ermenistanyň goşuny 1-nji maýda hem şol liniýadan ot açypdy.

1821592
Ermenistan Tarapyndan Azerbaýjanyň Pozisiýalaryna Ot Açyldy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, Ermenistanyň goşuny tarapyndan Azerbaýjanyň pozisiýalaryna ot açylandygyny habar berdi.

Mesele hakynda berlen beýannamada, Kelbejer welaýatynyň Zeýlik we Ýellije obalaryndaky pozisiýalara düýn günorta mahaly Basargeçer welaýatynyň Ýokarky Şorja obasyndaky ermeni topary tarapyndan belli aralyklar bilen ot açylandygy nygtaldy.

Beýannamada Azerbaýjanyň goşunynyň degişli gaýtawuly görkezendigi, sebitde ýagdaýyň gözegçilik astyna alynandygy ýatladyldy.

Ermenistanyň goşuny 1-nji maýda hem şol liniýadan ot açypdy.

 



Degişli Habarlar