Mewlüt Çawuşogly gyrgyz kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1821206
Mewlüt Çawuşogly gyrgyz kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýewi wezipä täze bellenmegi bilen gutlady. 

Telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegindäki oňyn dinamikalardan hoşaldygy beýan edildi. 

Telefon söhbetdeşliginde Umumy strategik meýilleşdirme toparynyň nobatdaky maslahatynyň Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrleri derejesinde ýakyn wagtda geçirilmegi babatynda ylalaşyk gazanyldy. 

Mundan başgada Strategik hyzmatdaşlygyň ýokary geňeşiniň Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň Prezidentleri derejesinde şu ýyl Gyrgyzystanda geçirilmeginiň üstünde durulyp geçildi. 

Ministr Kulubaýew halkara meseleler ele alynan telefon söhbetdeşlginde Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlygyň azaldylmagy tapgyrynda Türkiýäniň araçylyk roluna ünsleri çekdi. 



Degişli Habarlar