Erdogan Aliýew bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew telefon arkaly özara gürrüňdeş boldylar

1821454
Erdogan Aliýew bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Azerbaýjanyň Prezident Diwanyndan berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde Erdogan bilen Aliýew biri-birlerini Oraza baýramlary bilen gutladylar, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň halklary üçin ýagşy dileglerini beýan etdiler. 

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ýagdaýda özgermäge dowam etjekdigine bolan ynamlaryny beýan eden iki lider, gatnaşyklaryň gelejegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Telefon söhbetdeşliginde Prezident Erdogan Ilham Aliýewiň Azerbaýjana sapar guramak üçin beren çakylygyny kabul etdi. 



Degişli Habarlar