Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministrleri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki kärdeş Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin taýarlyklaryň başlamagy meselesi hakynda pikir alyşdy.

1810664
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministrleri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Azerbaýjan Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin taýarlyklaryň başlamagy meselesi hakynda pikir alyşdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan 6-njy aprelde Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiren duşuşygynda, parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin taýarlyklaryň başlamagy meselesinde iki ýurduň daşary işler ministrliklerine görkezme berilmegi we üstümizdäki aýyň ahyryna çenli bilelikdäki komissiýasynyň döredilmegi barasynda ylalaşyk gazanypdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar