Erdogan Bilen Aliýew Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

iki lider Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen ÝB-Azerbaýjan-Ermenistan maslahatynyň netijeleri hakynda pikir alyşdy

1809141
Erdogan Bilen Aliýew Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, iki lider Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen ÝB-Azerbaýjan-Ermenistan maslahatynyň netijeleri we gazanylan ylalaşyk hakynda pikir alyşdy.

Iki lider, Azerbaýjanyň bähbitleriniň goralmagy, sebitde yzygiderli parahatçylygyň we asudalygyň üpjün edilmegi üçin durmuşa geçiriljek işler hakynda pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar