Ilham Aliýew Garabagda Nowruz alawyny ýakdy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat edilen Garabagyň Sukawuşan şäherçesinde Nowruz alawyny ýakdy

1798679
Ilham Aliýew Garabagda Nowruz alawyny ýakdy
aliyev.jpg
aliyev.jpg

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew aýaly Mihriban Aliýewa bilen bilelikde Nowruz alawyny ýakanyndan soň halka ýüzlenip çykyş etdi. 

Taryhy ýeňişden soň ikinji gezek Garabagda Nowruz baýramyny belläp geçýändiklerini aýdan Aliýew, 2020-nji ýylda söweşip, gan döküp, esgerlerimiz şehit bolup topraklary Ermenileriň basyp alyşlygyndan azat edendigini we Garabaga gaýdyp gelendiklerini beýan etdi. 

Aliýew basyp alyşlykdan azat edilen topraklarda giň gerimli gurluşyk işlerini başladandyklaryny, esasy wezipeleriniň ýerlerinden göçürilen raýatlaryň iň gysga wagtda öz ata watanlaryna gaýdyp gelmeklerini üpjün etmekdigini habar berdi. 

Azerbaýjanyň güýçlidigini we ähli bu işleriň hötdesinden geljekdigini aýdan Aliýew: "Biz Garabaga we Gündogar Zengezura hemişelik gaýdyp geldik we bu ýerde taryhy topraklarymyzda hemişe ýaşarys" diýip belledi. 

Aliýew Garabagyň tebigy we taryhy gözelliklere eýedigini belläp: "Ahli bu gözelliklere gözellik goşarys. Azerbaýjanlylar bu ýerlerde arkaýyn, asuda, abadançylyk we howpsuzlyk içinde ýaşarlar. Parahatçylygyň we howpsuzlygyň güwäçisi Azerbaýjan döwleti we Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleridir. Eziz halkyma Nowruz gutlagyny basyp alyşlykdan azat edilen Garabagdan ýetirmekden bagtyýardyryn. Mundan soň hem Azerbaýjanyň tiz depginler bilen özgermegi üçin elinden gelen ähli zady etmäge dowam ederin. Garabag Azerbaýjandyr" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar