Erdogan Berdimuhamedowy Gutlady

Prezident Erdogan Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň saýlanan üçünji prezidenti Serdar Berdimuhamedowy telefon arkaly gutlady.

1795951
Erdogan Berdimuhamedowy Gutlady
TKM 1.jpg

Prezident R.T.Erdogan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň saýlanan üçünji prezidenti Serdar Berdimuhamedowy telefon arkaly gutlady.

Prezident R.T.Erdogan Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen saýlanan üçünji prezidenti Serdar Berdimuhamedowy gutlady.

Telefon söhbetdeşliginde Türkmenistanyň lideri Merkezi saýlaw topary tarapyndan 12-nji martda geçirilen Prezidentiň saýlawlarynyň jemlerine görä Türkmenistanyň täze prezidentligine Serdar Berdimuhamedowyň saýlanandygyny aýtdy. Özüniň hem iş durmuşyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hökmünde dowam etjekdigini nygtady. Soň döwletara dialogyň ösdürilmegine we ýola goýulan netijeli hyzmatdaşlyga goşan şahsy goşandy üçin Erdogana sagbolsun aýtdy.

Prezident Erdogan hem üstünlikli ýagdaýda geçirilen saýlawlar mynasybetli Türkmenistanyň liderini gutlady. Oňa täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi. Soň saýlanan üçünji döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiren Erdogan, saýlawda gazanan uly üstünligi mynasybetli gutlady, möhüm wezipede üstünlik arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow hem Türkmenistanyň ösüşini durnukly dowam etdirjekdigini aýtdy. Iki  ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek üçin möhüm başlangyçlary etmegi meýilleşdirýändigi beýan etdi.

 



Degişli Habarlar