Türkiýäniň Goranmak ministri Azerbaýjanyň Goranmak ministri bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1794386
Türkiýäniň Goranmak ministri Azerbaýjanyň Goranmak ministri bilen söhbetdeş boldy

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn, sebitleýin goranyş we howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşyldy. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar ozal bolsa, rus we ukrain kärdeşleri Sergeý Şoýgu we Oleksii Reznikow bilen telefon arkaly söhbetdeş bolupdy.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliklerinde Ukrainadaky soňky hadysalar ele alynypdy. 

Sergeý Şoýgu bilen geçen telefon söhbetdeşliginde ministr Akar tarapyndan rus portlarynda garaşdyrylýan raýat gämileriniň Türkiýä howpsuz ýagdaýda ugradylmagy babatynda berilýän goldawyň we ewakuasiýa üçin ynsanperwer koridorlaryň açylmagynyň möhümdigini belläp, has köp adam ýitgisiniň çekilmezligi üçin gyssagly ýagdaýda od açmazlyk baradaky ylalaşygyň yglan edilmeginiň möhümdigini belledi. 

Hulusi Akar mundan başgada ynsanperwer kömek babatynda has köp kömek bermäge synanyşýan Türkiýäniň sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin mundan öň bolşy ýaly, mundan soň hem öz üstüne düşýän jogapkärçiligi etmäge taýardygyny beýan etdi. 

Hulusi Akar Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksii Reznikow bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde hem adam ýitgileriniň artmazlygy üçin gyssagly od açmazlyk baradaky ylalaşygyň yglan edilmeginiň we asuda ilatyň ewakuasiýasy üçin ynsanperwer koridorlaryň açyk tutulmagynyň ähmiýedini nygtady. 

Hulusi Akar mundan başgada Türkiýäniň Ukraina ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi we parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin öz üstüne düşýän jogapkärçiligi etmäge dowam etjekdigini habar berdi. 



Degişli Habarlar