Makron we Aliýew Ukrainadaky hadysalary maslahatlaşdylar

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Ukrainadaky hadysalary ara alyp maslahatlaşdylar

1788424
Makron we Aliýew Ukrainadaky hadysalary maslahatlaşdylar

Azerbaýjanyň Prezidentliginden berilen beýanatda, Makronyň Aliýewe telefon arkaly jaň edendigi mälim edildi. 

Telefon söhbetdeşliginde iki lideriň Ukrainadaky krizisi we bu ýurda ynsanperwer kömekleriň ugradylmagy ýaly meseleleri ele alandyklary bellenen beýanatda, Makronyň we Aliýewiň mundan başgada energetika bilen bagly meseleler barada hem pikir alyşandyklary aýan edildi. 

Russiýanyň harbylary 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar