Türkiýe Gyrgyzystana Harby we Tehniki Enjam Kömegini Berdi

Kömek gyrgyz resmilerine gowşuryldy.

1781091
Türkiýe Gyrgyzystana Harby we Tehniki Enjam Kömegini Berdi

Türk ýaragly güýçleri Harby-maliýe taýdan hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga laýyklykda gyrgyz goşunlaryna “Otokar” kysymly awtobuslary we ätiýaç şaýlaryny, robokop gorag enjamlaryny, öldüriji bolmadyk ýaraglary we ok-däri, sowutly keltekçeler, telekommunikasion we elektro optik enjam kömegini berdi.

İçeri işler ministrligi bolsa ulag, enjam we ätiýaç şaýlar toparyna degişli tentli we ýapyk “Land Rower” ulaglaryny, ätiýaç hereketlendirijileri, gyşlyk aýakgaplary we elektro optik enjamlary ugratdy.

Türkiýäniň Gyrgyzstandaky İlçisi Ahmet Sadyk Dogan we Gyrgyzstanyň Goranmak ministriniň birinji orunbasary polkownik Taalaýbek Usulbaliýewiň gatnaşmagynda Milli gorag serkerdeliginde kömek gowşurlyş dabarasy geçirildi.

Usubaliýew eden çykyşynda harby we tehniki enjam kömegi mynasybetli Türkiýäniň İlçisine sagbolsun aýdyp; “Bu kömek döwletlerimiziň we ýaragly güýçlerimiziň arasyndaky ýokary derejede hyzmatdaşlygyň subutnamasydyr” diýdi.



Degişli Habarlar