Şuşa beýannamasy güýje girdi

Türkiýe Respublikasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda bileleşik gatnaşyklary barasyndaky Şuşa beýannamasynyň tassyklanandygy baradaky kanun güýje girdi

1778089
Şuşa beýannamasy güýje girdi

2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde gol çekişilen Türkiýe Respublikasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda bileleşik gatnaşyklary barasyndaky Şuşa beýannamasy bilen bagly kanun Resmi gazetde çap edildi. 

Şuşa beýannamasy bilen Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň has hem berkidilmegi we çuňlaşdyrylmagy maksat edinilýär. 

Beýannama bilen Türkiýe bilen Azerbaýjany birleşdirjek Zengezur koridorynyň açylmagy we Nahiçewan-Kars demir ýolunyň gurluşygynyň amala aşyrylmagy gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşmagyna garaşylýar. 

Beýannama bilen Türkiýe bilen Azerbaýjanyň sebitleýin, global howpsuzlyk we durnuklylyk meseleleriniň çözülmegi ugrunda umumy tagallalaryny birleşdirjekdikleri, taraplaryň islendik biriniň garaşsyzlygyna ýa-da territorial bütewiligine 3-nji bir döwlet tarapyndan howp abanan ýa-da hüjüm guralan halatynda taraplaryň biri-birlerine gerek bolan kömegi bermekleri maksat edinilýär. Esasan hem terror, guramaçylykly jenaýatlar, neşe söwdasyna garşy göreş, bikanun migrasiýa garşy göreş ýaly meselelerde umumy tagallalaryň we hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi maksat edinilýär. 



Degişli Habarlar