Azerbaýjan 8 Ermeni Esgerini Yzyna Berdi

Yzyna berlen esgerleriň 16-njy noýabrda iki Kelbejere girmäge synanşan esgerlerdigi nygtaldy.

1774622
Azerbaýjan 8 Ermeni Esgerini Yzyna Berdi

Azerbaýjanyň Ýesirlerden, dereksiz ýitenlerden we zamun alynanlardan jogapkär Döwlet komitetinden berlen beýannamada, saklanan 8 ermeni esgeriniň yzyna berlendigi nygtaldy.

Yzyna berlen esgerleriň 16-njy noýabrda iki Kelbejere girmäge synanşan esgerlerdigi nygtaldy.

Beýannamada, bu karardan soň, Ermenistanyň hem 1-nji Garabag urşunda öldürlen we köpçülikleýin mazarlara jaýlanandygy çaklanylýan azerbaýjanly esgerler we asuda ilat bilen birlikde köpçülikleýin mazarlaryň ýerleri hakynda Azerbaýjana maglumat bermelidigi nygtaldy.

Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel bilen 4-nji fewralda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren duşuşygynda, 1-nji Garabag urşunda ýogalan azerbaýjanlylar meselesini gün tertibine getiripdi.

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem bu meselede hyzmatdaşlyk etmegi wada beripdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar