Gazagystanda täze nebit ýataklary tapyldy

Gazagystanyň günbataryndaky Özen nebit ýatagynda 39,9 million tonnalyk täze nebit gorlary tapyldy

1771042
Gazagystanda täze nebit ýataklary tapyldy

Gazagystanyň Milli Nebit we gaz kärhanasy KAZMUNAYGAZ tarapyndan berilen beýanatda, Özen nebit ýatagynda 2017-nji ýyldan bäri buraw işleriniň geçirilýändigi mälim edildi.  

Beýanatda geçirilen işleriň çäginde nebit ýataklaryndaky 368 ind metrlik bir ýeriň 3D formatly meýilnamasynyň düzülendigi we şoňa laýyklykda 39,9 million tonnalyk täze nebit gorlarynyň tapylandygy aýan edildi.  

Şeýlelik bilen ýurdyň iň uly nebit we gaz ýataklarynyň biri bolan Özende ady agzalan gorlar bilen birlikde nebit ätiýajynyň 8 esse artandygy bellenen beýanatda: "Häzirki wagtda täze gorlary hasaba almak we önümçilige başlanmak üçin nebit ýatagyny özleşdirmek işleri alynyp barylýar" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar