Tokaýew Soňky Wakalaryň Adalatsyzlyk Sebäpli Başdan Geçirilendigini Aýtdy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurtda başdan geçirilen soňky wakalaryň baýlar bilen garyplaryň arasyndaky tapawudyň kabuledilmesiz derejä ýetmegi sebäpli ýüze çykandygyny aýtdy.

1766425
Tokaýew Soňky Wakalaryň Adalatsyzlyk Sebäpli Başdan Geçirilendigini Aýtdy

Tokaýew işewürler bilen geçiren maslahatynda aýyň başynda ýurtda geçirilen pitneleriň uzak ýyllaryň dowamynda üýşen meseleleri ýüze çykarandygyny beýan etdi.

Häzirki wagtda döwletiň jemgyýetçilik ulgamda düýpli özgertme etmek üçin strategik borjunyň bardygyny aýdan Tokaýew; “Baý bilen garybyň arasyndaky tapawut kabuledilmesiz derejä ýetdi” diýdi.

Tokaýew ýurtdaky pitneleriň sosial deňsizlikden gelip çykandygyna ünsi çekip; “Bu ýagdaý terrorçy başbozarlar bilen olaryň arkasyndaki pespäller tarapyndan peýdalanyldy” diýdi.

Gazagystandaky baýlygyň ýarysynyň 162 adamyň elindedigi hakyndaky halkara firmalarynyň garaýyşlaryny tassyklan Tokaýew, ýurtda ukyply telekeçileriň şertlerini çäklendirýän we sermaýanyň esasy bölegine gözegçilik edýän häzirki oligopol ulgamyň gyssagly üýtgedilmelidigine ünsi çekdi.

Tokaýew ýurtda syýasy özgerlişi syýasatynyň dowam etjekdigini nygtap; “Jemgyýetiň döwrebaplaşmagy we syýasy özgerliş boýunça syýasaty dowam etdirerin. Özgertmeleriň ugry belli. Ol, erkin bazar, jemgyýetçilige esaslanýan diwersikasiýalaşdyrylan ykdysadyýete geçiş” diýdi.

 



Degişli Habarlar