ÝB, Gazagystanyň Durnuklylygyna Goldaw Berýär

Mişel, Tokaýew bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirdi.

1760297
ÝB, Gazagystanyň Durnuklylygyna Goldaw Berýär

 

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew bilen Gazagystanda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Mişel, Tokaýew bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirdi.

Tokaýew bilen Gazagystanda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygyny aýdan Çarles Mişel, bir hepdeden bäri dowam edýän wakalarda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Mişel, ÝB-niň Gazagystanyň bilen edilýän hyzmatdaşlyga, adam hukuklaryna, ýurduň özgtyýarlygyna, howpsyzlygyna we durnuklylygyna goldaw berýändigini nygtady.

Gazagystanyň günbatarynda 2-nji ýanwarda suwklandyrlan gazyň bahasynyn ýokarlandyrylmagy we ýurtdaky jemgyýetçilik ykdysady şertleriň agyrlaşmagy sebäpli başlan protest ýörişleri gysga wagtda ýurduň çar tarapyna ýaýrady.

Howpsyzlyk güýçleri bilen protestçylaryň arasynda çaknyşyklar boldy. Esasan ýurduň günortasynda ýerleşýän Almaty şäherinde polis ulaglaryny oda beren we döwlet eýeçiligindäki edaradyr-kärhanalara giren protestçylara garşy howpsyzlyk güýçleri ses bombasyny ulandy.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, protest ýörişlerinden jogapkärdigi sebäpli hökümetiň iş başynda çekilmegini talap etdi.

Protest ýörişleriniň möwjemegi sebäpli ýurduň çar tarapynda adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edildi.

Prezident Tokaýew, 7-nji ýanwarda ýurtda konstitutsion ulgamyň ýaňadandan dikeldilendigini mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar