Azerbaýjan Türkiýä gynanç bildirdi

Şehit bolan esgerlere Alladan rehnet dilän Hasanow, şehit bolan esgerleriň dogan-garyndaşlarynyň gussasyny paýlaşýandygyny beýan etdi

1759512
Azerbaýjan Türkiýä gynanç bildirdi

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow, Şanlyurfa welaýatynyň Akçakale etrabyndaky serhet zolagynda şehit bolan esgerler zerarly Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akara we Baş ştabyň başlygy Ýaşar Gülere gynanç bildirdi. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow gynanç ýüzlenmesinde: "Şanlyurfa welaýatynyň Akçakale etrabynda hyýanatçylyk bilen guralan terrorçylykly hüjümiň netijesinde Türkiýäniň goşunyndan 3 esgeriň şehit bolandygy baradaky habar meni örän gynandyrdy. Siziň gussaňyz biziň gussamyzdyr. Terrora garşy göreşde hemişe doganlyk Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ýanyndadyrys we ähli güýjümiz bilen sizi goldaýarys" diýip habar berdi. 

Şehit bolan esgerlere Alladan rehnet dilän Hasanow, şehit bolan esgerleriň dogan-garyndaşlarynyň gussasyny paýlaşýandygyny beýan etdi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, Şanlyurfa welaýatynyň Akçakale etrabynyň serhet zolagynda terrorçylar tarapyndan elde ýasalan partlaýjy madda bilen hüjüm guralmagy netijesinde 3 esgeriň şehit bolandygyny habar beripdi. 



Degişli Habarlar