Azerbaýjanda ýere gaçan dikuçaryň näme sebäpli heläkçilige uçurandygy anyklandy

Azerbaýjanda aglabasy ofiser bolan 14 harbynyň şehit bolmagy bilen netijelenen dikuçaryň uçarmanyň ýalňyşlygy sebäpli heläkçilige uçurandygy mälim edildi

1750053
Azerbaýjanda ýere gaçan dikuçaryň näme sebäpli heläkçilige uçurandygy anyklandy

Azerbaýjanyň Baş Prokuraturasy tarapyndan berilen beýanatda, 30-njy noýabrda başdan geçirilen dikuçar heläkçiliginiň, uçarmanyň ýeliň ugruna we tizligine üns bermän ýalňyş gonmaga synanyşmagy netijesinde bolandygy habar berildi. 

Azerbaýjanyň Döwlet serhet gorag gullugyna degişli MI-17 kysymly harby dikuçar, Hyzy sebitindäki Karaheýbet howa tälim merkeziniň meýdançasyna gonjak mahaly heläkçilge uçurapdy. 

Wakada 1 polkownik, 1 podpolkownik, 5 maýor, 2 kapitan çinli ofiserler bilen 1 tehniki işgär şehit bolupdy, 1 podpolkownik we 1 maýor ýaralanypdy.  



Degişli Habarlar