Türki Dövletleriň Guramasy Älem Giňiligi Boýunça Hyzmatdaşlyk Ederler

Türki dövletleriň guramasynyň agza ve synçy ýurtlarynyň komos gullukary hemde degişli düzümleri ilkinji maslahatyny Azeraýjanyň paýtagty Bakuvda geçirdiler.

1749912
Türki Dövletleriň Guramasy Älem Giňiligi Boýunça Hyzmatdaşlyk Ederler

Bakuvda Azerbaýjanyň Kosmos Gullugynyň guramagynda geçirilen maslahata Türkiýäniň Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň ve Vengriýanyň vekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda Türki dövletleriň guramasynyň agzalarynyň älem giňişligi boýunça taslamalary bilen bagly çykyşlar edildi, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikde işleşmegiň ugurlarynyň kesgitlenmegi boýunça geňeşmeler geçirildi.

Maslahatda Türkiýä vekilçilik eden Türkiýäniň Kosmos Gullugynyň Başlygy Serdar Hüseýin Ýyldyrym metbugatyň vekillerine beren beýannamasynda; “ähmiýeti geljekki ýyllarda hasam artjak taryhy başlangyç edilýär” diýdi.

Azerkosmosyň Başlygy Sameddin Asadov bolsa uly ýurtlaryň älem giňişliginde has uly maýa goýýandygyny ýatladyp, türki dilli dövletlerin hem älem giňişligi boýunça işlerinde arkalaşmalydygyny aýtdy,

Türki dövletleriň guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mirvohid Azimov bosla agza ýurtlaryň älem giňişligi boýunça uly potensiala eýedigine ünsi çekip; “Dövletleriň şol potensialdan peýdalanmaklary, birek-biregiň tejribelerinden peýdalanmaklary älem giňişligi boýunça hyzmatdaşlyk üçin möhüm infrastruktura bolup durýar” diýdi.



Degişli Habarlar