Türk Döwletleri Guramasy Afrika Ýurtlaryna Sanjym Kömegini Berdi

Afrika ýurtlaryn 611 müň 200 doza Kovid-19 sanjymy gowşuryldy

1743888
Türk Döwletleri Guramasy Afrika Ýurtlaryna Sanjym Kömegini Berdi

Türk Döwletleri guramasynyň beren 611 müň 200 doza Kovid-19 sanjymy Burkina Faso we Togo gowşuryldy.

Daşary işler ministrler berlen beýannamada, Prezident Erdoganyň Türk Döwletleri guramasyna Afrika ýurtlaryna sanjym kömeginiň berilmegi üçin çagyryş berendigi ýatladyldy.

Beýannamada, Prezident Erdoganyň oktýabr aýynda Afrika ýurtlaryna guran saparynyň çäginde sebitde ýerleşýän ýurtlara sanjym kömeginiň berilmegi barada kararyň kabul edilendigi bellenildi.

Beýannamada “Jenap Prezidentimiz, Türk Döwletleri guramasynyň 8-nji maslahatynda, guramanyň adyndan Afrika sanjym kömeginiň beriljekdigini mälim edipdi” diýildi.

Beýannamada, Prezident Erdoganyň çagyryşyna laýyklykda guramanyň adyndan Afrika ýurtlaryna Türkiýäniň 200 müň, Azerbaýjanyň 100 müň, Özbegistanyň 100 müň doza Sinowak, Wengeriýanyň hem 211 müň 200 doza Sinopharm sanjym kömegini berendigi nygtaldy.

Ady agzalýan sanjymlaryň Burkina-Faso we Togo gowşurlandygy ýatladyldy.



Degişli Habarlar