Türk Döwletiniň Guramasy Hasam Kök Urar we Beýgelip, Kämilleşer

Erdogan Türki dilli döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nci Sammitinden soň metbugata beýanat berdi.

1733317
Türk Döwletiniň Guramasy Hasam Kök Urar we Beýgelip, Kämilleşer

Prezident R.T.Erdogan Stambulyň Demokratiýa we azatlyklar adasynda geçirilen Türki dilli döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nci Sammitinden soň metbugata beýanat berdi.

Erdogan geňeşimiziň ady mundan beýläk “Türk döwletleriniň guramasydyr” diýip, “Täze adymyz we gurluşymyz Türk döwletleriniň guramasy bilen mundan beýläk has depginli, esasanda egilşiksiz kök urup, öser, kämilleşer we giňeler” diýdi.

Erdogan medeniýetleriň sallançagy bolan Türkistan sebitiniň gaýtadan bütin adamzat üçin çekiş we aýdyňlanma merkezine öwrülcekdigini aýtdy.

Prezident Erdogan: “Şu günki maslahatymyzy türk dünýäsiniň arasyndaky baky we mizemez doganlygyň täze nyşany hökmünde häsýetlendirýäris. Hiç kim Türk döwletleriniň guramasyndan biyncalyk bolmasyn, gadymy taryhy we gumanitar gatnaşyklara esaslanýan şu meýletin gurama goşulmaga synanşsyn” diýdi.

Erdogan: “Pandemiýa döwründe mümkinçiliklerimizi bölüşip, türk dünýäsiniň agzybir we cebisligini ýene-de bir gezek görkezdik. Türk geňeşi Afrika 2,5 million doza sancym berer. Şonuň 2 millionuny Türkiýe berer” diýdi.



Degişli Habarlar