Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, Prezident Erdogany Respublika Baýramy Bilen Gutlady

Tokaýew gutlag ýüzlenmesinde, Türkiýäniň syýasy, ykdysady we medeni taýdan uly öňe gidişlik edendigini nygtad

1726605
Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, Prezident Erdogany Respublika Baýramy Bilen Gutlady

 

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, Prezident R. T. Erdogany 29-njy oktýabr Respublika baýramy bilen gutlady.

Tokaýew gutlag ýüzlenmesinde, Türkiýäniň syýasy, ykdysady we medeni taýdan uly öňe gidişlik edendigini nygtady.

Türkiýäniň sebitara we halkara meseleleriň çözülmeginde uly rol oýnaýandygyny nygtan Tokaýew, “Özara dostluga we goldawa esaslan Gazagystan bilen Türkiýäniň arasyndaky köp ugurly strategik gatnaşyklaryň dowam etjekdigine we şol gatnaşyklaryň iki doganlyk halkyň bähbidine boljakdygyna doly ynanýaryn. Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji liderler maslahatynyň çäginde siziň bilen duşuşmak üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýdi.

Tokaýew pursatdan peýdalanyp Prezident Erdogana durmuşa geçirýän işlerinde rowaçlyk, türk halkyna hem asudalyk we bagtyýarlyk arzuw etdi.



Degişli Habarlar