Liderler Mirziýoýewi Gutlaýar

Erdogan saýlawyň netijeleriniň özbek halky üçün düşümli bolmagyny diledi.

1724727
Liderler Mirziýoýewi Gutlaýar

Dünýä liderleri prezident saýlawynda ýaňadandan üstünlik gazanan Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoewi gutlady.

Özbegistan tarapyndan berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan telefon arkaly Özbegistanda geçirlen prezident saýlawynda üstünlik gazanan Mirziýoýewi gutlady.

Mirziýoýewe telefon eden Prezident Erdogan, kärdeşine wezipesinde rowaçlyk arzuw edip, saýlawyň netijeleriniň özbek halky üçün düşümli bolmagyny diledi.

Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew hem Prezident Erdogany we türk halkyny 29-njy oktýabr garaşsyzlyk baýramy bilen gutlap, parahatçylyk, asudalyk we jebislik arzuw etdi.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde şeýle hem Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahaty we Türk geňeşiniň liderler sammiti üçin görülýän taýarlyklar hakynda pikir alyşdy.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin hem Mirziýoýewe telefon edip saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlady.

Prezident saýlawynda üstünlik gazanan Mirziýiýewi gutlan Putin, dost ýurt özbek halkyna hem asudalyk we bagtyýarlyk arzuw etdi.

Iki lider özara strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bilen birlikde aktual sebitara meseleler we guraljak ýokary derejeli saparlar hakynda pikir alyşdy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jömert Tokaýew, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahman, Gyrgyz Respublikasynyň Prezident Sadyr Japarow, Belarusyň Prezidenti Aleksansr Lukaşenko we Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew hem Mirziýoýewe telefon edip gazanan üstünligi bilen gutlady we wezipesinde rowaçlyk arzuw etdi.



Degişli Habarlar