Içeri Işler Ministri Soýlu, Gyrgyz Kärdeşi Bilen Duşuşdy

“Gyrgyzystanyň we gyrgyz halkynyň, ýurdumyzyň we halkymyzyň köňlünde aýratyn ýeri bar”

1724229
Içeri Işler Ministri Soýlu, Gyrgyz Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Gyrgyz Respublikasynyň Içeri işler ministri Ulan Niýazbekow bilen duşuşdy.

Ministr Soýlu bilen Niýazbekow Stambulda bolan duşuşygyň öňüsyrasynda metbugata gysga beýannama berdi.

Ýaňy ýakynda Gyrygyzystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministri Boobek Azikeew bilen duşuşandygyny ýatladan Soýlu, Türkiýäniň, Gyrgyzystany dünýäde ilkinjileriň hatarynda ykrar edendigine ünsi çekdi.

Süleýman Soýlu “Gyrgyzystanyň we gyrgyz halkynyň, ýurdumyzyň we halkymyzyň köňlünde aýratyn ýeri bar” diýdi

Türkiýäniň esasan göçden kiber jenaýatlara,  neşe söwdasyndan terörizme çenli birnäçe ugurda uly öňe gidişlik edendigini nygtan Soýlu, “Enşalla gysga wagtda Howpsyzlyk hyzmatdaşlygy şertnamasyny baglaşarys. Birlikde uly işleri durmuşa geçireris” diýip belledi.

Iki kärdeşiň özara duşuşygy metbugata ýapyk hasiýetinde geçirildi.

 



Degişli Habarlar