Fuzuli Howa Menzili Prezident Erdoganyň Gatnaşmagynda Açylar

Fuzuli howa menzili Prezident Erdoganyň gatnaşmagynda 26-njy oktýabrda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berler

1724267
Fuzuli Howa Menzili Prezident Erdoganyň Gatnaşmagynda Açylar

Azerbaýjanyň Fuzuli şahinde ýerleşýän halkara howa menzili Prezident R. T. Erdoganyň gatnaşmagynda 26-njy oktýabrda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berler.

Azerbaýjan, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen ýerlerinde gurlan ilkinji uly taslamanyň açylşy üçin uly taýarlyk görýär.

Basyp alyşlykdan halas edilen Fuzuli şäherinde, Türkiýeli we Azerbaýjanly firmalar tarapyndan howa menzili guruldy.

14-nji ýanwarda gurluşygyna badalga berlen howa menzili 124 gekdarlyk meýdanda guruldy.

Prezident Erdogan, basyp alyşlykdan halas edilen ýerlere ilkinji resmi saparyny guran döwlet lideri bolupdy.

Halkara Fuzuli howa menzili 26-njy oktýabrda Prezident Erdoganyň gatnaşmagynda geçirijek dabara bilen ulanylmaga berler.

Howa menzilinde ilkinji resmi garşylama dabarasy Prezident Erdogan üçin geçirler.



Degişli Habarlar