Ermenistan, Azerbaýjana Degişli Taryhy we Medeni Ýadigärlikleriň 95 Göterimine Zeper Ýetirdi

Ministr Kerimow, Anadoly habarlar gullugyna beren beýannama berdi

1719687
Ermenistan, Azerbaýjana Degişli Taryhy we Medeni Ýadigärlikleriň 95 Göterimine Zeper Ýetirdi

Azerbaýjanyň Medeniýet ministri Anar Kerimow, Ermenistanyň basyp alyşlyk döwründe Garabagda we golaýyndaky welaýatlarda Azerbaýjana degişli taryhy we medeni ýadigärlikleriň 95 göterimine zeper ýetirendigini aýtdy.

Ministr Kerimow, Anadoly habarlar gullugyna beren beýannamasynda, Ermenistanyň basyp alyşlyk ýyllarynda sebitiň infstrukturasyna, taryhy we medeni ýadigärliklerine hatda gonamçylyklara uly zeper ýetirendigini nygtap, bu ýagdaýy “harby we gumanitar jenaýat” hökmünde häsiýetlendirendiklerini belledi.

Kerimow Ermenistanyň Azerbaýjana garşy “etniki arassaçylyk” syýasaty bilen birlikde 30 ýylyň dowamynda “medeni arassaçylyk” syýasatyny hem dowam etdirendigini nygtady.

Ministr Kerimow “Basyp alyşlyk astyndaky sebitlerde döwletiň resminamalarynda bellige alynan 706 taryhy we medeni ýadigärlik bardy. Şol ýadigärlikleriň 95 göterimiň hatardan çykarlandygyny anykladyk” diýdi.

Esasan metjitlere äsgermezçilik edilmegine gynanç bildirýändiklerini aýdan Kerimow “Metjitlerimizde doňuz idetdiler. Bu ýagdaýy diňe Azerbaýjana garşy däl eýsem tutuş musulman dünýäsine edilen äsgermezçilik hökmünde görýäris” diýip belledi.

Azerbaýjanyň hökümetiniň basyp alyşlykdan halas edilen ýerleriň ýaňadandan dikeldilmegi üçin işe girişendigini ýatladan Kerimow, ýakynda Garabagyň Azerbaýjanyň iň owadan ýerlerinden birine öwrüljekdigini nygtady.

Azerbaýjanyň taryhy we medeni ýadigärliklerini ýykyp-ýumuran Ermenistana garşy halkara kaziýetlere ýüz tutjakdyklaryny aýdan Kerimow, Ermenistanyň döwlet hökmünde eden etmişiniň jerimesini çekmegini isleýändiklerini belledi.

 

 



Degişli Habarlar