Azerbaýjanyň Uçary Ermenistanyň Howa Giňişliginden Geçdi

Bu barasynda Azerbaýjanyň howaýollary beýanat berdi

1715643
Azerbaýjanyň Uçary Ermenistanyň Howa Giňişliginden Geçdi

Azerbaýjanyň howaýollaryna (AZAL) degişli uçarlardan biri Baku-Nahiçewan arasyndaky saparyny Ermenistanyň howa giňişliginden peýdalanyp, amala aşyrdy.

AZAL-dan berilen beýannamada Baku-Nahiçewan arasyndaky içerki gatnawy amala aşyran uçaryň şu günden başlap Ermenistanyň howa giňiliginden peýdalanýandygy mälim edildi. Beýannamada bu başlangyjyň Azerbaýjanyň sebitdäki ulag gatnawlaryny açmak ugrundaky ygrarlylygyny görkezýändigi, ähli serhetdeş ýurtlaryň bähbitlerine laýyk gelýändigi nygtalýar. Beýannamada; “Baku-Nahiçewan uçuşynyň ugrunyň üýtgedilmegi, uçuş möhletini we ýangyç sarp edilişini azaldar. Şeýlelikde AZAL şol uçuşyň dowamynda Ermenistandan we Eýrandan geçýän koridorlar bilen birlikde bar bolan ähli howa geçelgelerinden peýdalanar” diýilýär.

Baku-Nahiçewan uçuşy mundan ozal Eýranyň üstaşyr amala aşyrylýardy.



Degişli Habarlar