Türkiýe Bilen Azerbaýjan Nahiçewanda Harby Türgenleşik Geçirýär

Türkiýeden giden esgerler Nahiçewandaky harby merkezlerinde joşgunly ýagdaýda garşylandy.

1708426
Türkiýe Bilen Azerbaýjan Nahiçewanda Harby Türgenleşik Geçirýär

Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri Nahiçewan Awtanomiýasynda harby türgenleşik geçirýär.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada “Bitewi Doganlyk 2021” türgenleşigine gatnaşjak türk esgerleriniň bir böleginiň Nahiçewana barandygy nygtaldy.

Iki ýurduň döwlet senasynyň ýerine ýetirilmeginden soň esgerler bilen türgenleşige gatnaşýan sowutly ulag kerweni Nahiçewandaky harby merkezlerine tarap ýola çykdy.

Türkiýeden giden esgerler Nahiçewandaky harby merkezlerinde joşgunly ýagdaýda garşylandy.



Degişli Habarlar