Azerbaýjan Ermenistana Garşy Kazyýete Ýüz Tutar

Leýla Abdullaýewa Halkara Adalat Diwanynda Ermenistana garşy kazyýet işini gozgajakdyklaryny beýan etdi.

1707264
Azerbaýjan Ermenistana Garşy Kazyýete Ýüz Tutar

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Leýla Abdullaýewa “Ekstremizmiň ähli görnüşiniň ortadan aýrylmagy hakyndaky Halkara konwensiýanyň” kadalaryny bozandygy sebäpli Halkara Adalat Diwanynda Ermenistana garşy kazyýet işini gozgajakdyklaryny beýan etdi.

Leýla Abdullaýewa beren ýazmaça beýannamasynda, Azerbaýjanyň 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýetinde Ermenistana garşy gozgan kazyýet işine goşmaça Ermenistanyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi üçin golaýda Halkara Adalat Diwanyna ýüz tutjakdyklaryny habar berdi.

Azerbaýjanyň territoriýasynyň bir böleginiň Ermenistandan halas edilmeginden soň azerbaýjanlylara garşy edilen agyr adam hukuklary düzgün bozmalarynyň edilendiginiň anyklanandygyny beýan eden Abdullaýewa, olara Ermenistanyň etniki gelip çykyşy sebäpli azerbaýjanlylaryň basyş bilen ýurtlaryndan çykarylmagynyň, gynalmagynyň, öldürilmeginiň we agyr şertlere sezewar edilme wakalarynyň degişlidiigini nygtady.

Abdullaýewa Ermenistanyň hüjümleri sebäpli 1 milliondan gowrak azerbaýjanlynyň basyş sebäpli öýlerinden göçürilendigini, Azerbaýjanyň şäherleriniň dolulygyna ýykylyp-ýumrulandygyny ýatladyp; “2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň döwlet ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn jarnamasynyň kabul edilmeginden soň Ermenistan,  azerbaýjanlylaryň öýlerine dolanyp barmagynyň öňüni almak üçin bir wagtlar basyp alan ýerlerine mina goýup we mina goýulan ýerleriň kartasyny bermegi kabul etmän, “Ekstremizmiň ähli görnüşiniň ortadan aýrylmagy hakyndaky Halkara konwensiýanyň” kadalaryny bozmaga dowam etdi. Biz, konwensiýanyň hökümleriniň gödek bozulmagy boýunça halkara hukuk kadalaryna laýyklykda adalaty üpjün ederis”diýdi.



Degişli Habarlar