Türk we Azerbaýjan Goşunlarynyň Türgenleşigi Dowam Edýär

Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýörite harby güýçleriniň ermenilerden halas edilen Laçyn welaýatyndaky bilelikdäki türgenleşigi dowam edýär

1705321
Türk we Azerbaýjan Goşunlarynyň Türgenleşigi Dowam Edýär

Bu barasynda Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi beýannama çap etdi.

Ministrlikden berilen beýannamada ýörite harby güýçleriň türgenleşiginiň çäginde agyr şerterde gözegçilik işlerini geçirmek, ýollarda duzak durmak, sebitde sabbotaž toparlarynyň anyklanmagy we ýok edilmegi, aýratynam dürli bökdençlikleri ýeňip geçip, duşmana dizlinlik bilen ýakyn barmak ýaly wezipeleri berjaý edýändikleri habar berildi.

Beýannamada ýörite güýçleriň berilen görkezmeleri ýokary hünärmenlik bilen berjaý edýändigi nygtaldy.



Degişli Habarlar