Azerbaýjan Russiýa nägilelik bildirdi

Azerbaýjan Russiýa döwletine degişli internet saýtlarynyň birinde "Daglyk Garabag Respublikasy" sözüniň ulanmagyna nägilelik bildirdi

1702633
Azerbaýjan Russiýa nägilelik bildirdi

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Leýla Abdullaýewa beren ýazmaça beýanatynda, Russiýa döwletine degişli internet saýtlarynyň birinde "Daglyk Garabag Respublikasy" sözüniň ulanylmagy sebäpli, Russiýa tarapyna diplomatik ýollar bilen nägilelik bildirdilendigini mälim etdi. 

Leýla Abdullaýewa: "Bular ýaly ýalňyş maglumatlaryň iki ýurdyň arasyndaky dostluga we hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklaryň ruhuna gabat gelmeýändigi Russiýa tarapyna ýetirildi" diýip habar berdi. 

Leýla Abdullaýewa: "Rus tarapy meseläniň tehniki näsazlyk sebäpli bolandygyny belläp, meseläniň ortadan aýrylmagy üçin gerek bolan ädimleriň ediljekdigini, şol bir wagtda gelejekde hem bular ýaly meselelere üns beriljekdigini belledi" diýip aýan etdi.

Russiýanyň döwlet tender edarasynyň resmi internet saýtyndaky bildirişde, Garabagda rus howpsuzlyk güýçleriniň wagtlaýyn ýerleşýän ýeri bolan sebitine Azerbaýjanyň territoriýasy dälde, "Daglyk Garabag Respublikasy" diýip bellenip geçilipdi. 



Degişli Habarlar