Aliýew Kelbejerde Saparda Boldy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ermenilerden halas edilen Laçyn we Kelbejer welaýatlarynda saparda boldy

1692396
Aliýew Kelbejerde Saparda Boldy

Aliýewiň aýaly Mähriban Aliýewanyň Instagram hasabyndan paýlaşan wideo ýazgylarda Prezident Aliýewiň erk etmegindäki ulagy bilen sebite sapar guraýandygy görülýär.

Aliýew wideo ýazgylarda ýol boýy ýykylan ýaşaýyş ýerlerini görkezip, ähli obalaryň Ermenistanyň harby güýçleri tarapyndan ýykylandygy beýan edýär.

Aliýew Kelbejeriň we Laçynyň daglary, jülgeleri we tokaýlary bilen ajaýyp tebigata eýedigini mälim edýär.

Prezident Aliýew saparynyň çäginde Toganaly-Belbejer gara ýolunyň ugrunda Murowdagda we Kelbejer-Laçyn ýolunyň ugrunda guruljak tunelleriň gurluşgyna badalga berdi.

Laçynda halkara howa menziliniň gurluşygyna badalga beren Aliýew, Kelbejeriň şäher merkezinde Azerbaýjanyň baýdagyny diňe asdy.

Aliýew Kelbejerdäki İstisu sanatoriýasyna hem baryp gördi.



Degişli Habarlar