Azerbaýjan Eýrana nota berdi...

Berilen notada Eýrana degişli ýük ulaglaryň soňky wagtlarda resmi Bakunyň rugsady bolmadan Azerbaýjanyň Garabag sebitine girmeklerine nägilelik bildirilýär

1689786
Azerbaýjan Eýrana nota berdi...

Azerbaýjan Garabagda ermeni ilatyň ýaşaýan we wagtlaýyn häsýetde Russiýanyň harby güýçleriniň gözegçiliginde bolan sebitlere bikanun ýagdýada syýahat edýän ýük ulaglary sebäpli Eýrana protest notasyny berdi. 

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Eýranyň Baku şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Seýid Abbas Musawi Daşary işler ministrligine çagyryldy. 

Duşuşykda Eýrana degişli ýük ulaglaryň Garabaga bikanun häsýetde syýahat etmekleri bilen baglanşykly subutnamalar görkezildi, şol ýagdaý bilen bagly özüne Azerbaýjanyň protest notasy berildi. 

Berilen notada Eýrana degişli ýük ulaglaryň soňky wagtlarda resmi Bakunyň rugsady bolmadan Azerbaýjanyň Garabag sebitine girmeklerine nägilelik bildirilýär. 


Etiketkalar: #Garabag , #nota , #Eýran , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar