Ermenistanyň goşuny Azerbaýjana degişli ýerlere od açmaga dowam edýär

Ermenistanyň goşunyna degişli harby bölümleriň serhetdäki Azerbaýjana degişli ýerlere od açandygy habar berildi

1684485
Ermenistanyň goşuny Azerbaýjana degişli ýerlere od açmaga dowam edýär

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Ermenistanyň Wedi welaýatynyň Arazdeýen obasynyň golaýyndaky ýerlerden, Nahiçewan Awtonom Respublikasyndaky Sederek welaýatynyň Haýdarabat ýaşaýyş ýerindäki Azerbaýjana degişli ýerlere ýerli wagt bilen sagat 13:55-den sagat 17:00-a çenli od açylandygy mälim edildi. 

Beýanatda Kelbejer welaýatynyň Ýokary Aýrym obasyndaky ýerleriň hem Ermenistanyň Basargeçer welaýatynyň Zerkend obasyndaky ýerlerden od açylandygy habar berildi. 

Ermenistan tarapyna garşylyk görkezilip od açylandygy, sebitdäki ýagdaýyň Azerbaýjanyň harby bölümleriniň gözegçiligi astyndadygy bellenen beýanatda, çaknyşyklaryň netijesinde Azerbaýjan tarapyndan ýitgi çekilmändigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar