Erdogan DKTR-da Parahatçylyk we azatlyk baýramyna gatnaşar
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, DKTR-da egçiriljek 20-nji iýul Parahatçylyk we azatlyk baýramyna gatnaşar
1668181
Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik beren beýanatynda: "Hormatly Prezidentimiz şu ýyl DKTR-da geçiriljek 20-nji iýul Parahatçylyk we azatlyk baýramyna gatnaşar. 20-nji iýuldaky dabaralara Adalat we ösüş partiýasy örän uly wekiliýet bilen gatnaşar" diýip habar berdi.
Ömer Çelik: "Şu ýyl Kiprdäki türkleriň ýanyndadygymyzy, DKTR-nyň ýanyndadygymyzy Prezidentimiziň gatnaşmagy bilen birlikde görkezeris" diýip mälim etdi.
Degişli Habarlar
Erdogan Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Erdogan bilen Aliýew Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy