Erdogan Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan bilen Aliýew Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy

2142020
Erdogan Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Erdogan bilen Aliýew telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy

Prezident Erdogan, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň oňyn atmosferada dowam etmegine kanagatlanma bildirdi we Türkiýäniň parahatçylyk etaby bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny nygtady.

Erdogan,  yzygiderli parahatçylygyň Azerbaýjan we Ermenistan bilen birlikde sebitde ýerleşýän beýleki ýurtlar taýdan hem bähbitlidigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar