Türkiýe Bilen Gazagystan Söwda Gatnaşyklaryny Ösdürer

Söwda ministri Mehmet Muş, Gazagystanyň Söwda ministri Bakhyt Sultanow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1649824
Türkiýe Bilen Gazagystan Söwda Gatnaşyklaryny Ösdürer

Söwda ministri Mehmet Muş, Gazagystanyň Söwda ministri Sultanow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ministr Mehmet Muş, Twitterden beren habarnamasynda, Gazagystanyň Söwda ministri Bakhyt Sultanow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim etdi.

Mehmet Muş, gazak kärdeşi bilen özara söwda gatnaşyklary, maýa goýum mümkinçilikleri we eksportçylaryň Gazagystanda başdan geçirýän kynçylyklary hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň10 milliard dollara ýetirilmeginiň maksat edinilýändigini bellän Mehmet Muş, Gazagystanyň Söwda ministri Sultanowyň ýakynda Türkiýä gurajak saparynyň çäginde özara logistika meselesiniň çözülmegi, erkin söwda zolaklary we logistika merkezleri ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar