“Türkiýe Garabagyň Ýaňadandan Dikeldilmegi Işlerine Goldaw Berýär”

Ministr Karaismailogly, Türkiýäniň, Garabagyň ýaňadandan dikeldilmegi meselesinde Azerbaýjana goldaw berjekdigini aýtdy.

1649133
“Türkiýe Garabagyň Ýaňadandan Dikeldilmegi Işlerine Goldaw Berýär”

 

Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen Garabaga giden Transport we infstruktura ministri Adil Karaismailogly, Türkiýäniň, Garabagyň ýaňadandan dikeldilmegi meselesinde Azerbaýjana goldaw berjekdigini aýtdy.

Azerbaýjan, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen ýerleriň ýaňadandan dikeldilmegi işleriniň depginini güýçlendirdi.

Infstruktura işleri bilen sebitiň demir we gara ýollary ýaňadandan abatlanýar.

Türkiýe bu etapda Azerbaýjana doly goldaw berýär.

Transport we infstruktura ministri Adil Karaismailogly Garabagda durmuşa geçirilýän işler bilen ýakyndan tanyş boldy.

Karaismailoglu, “Doganlyk we dost ýurt Azerbaýjana Daglyk Garabagyň ýaňadandan dikeldilmegi etabynda Türkiýe hökmünde ýakyndan goldaw bereris” diýip belledi.

Ministr Karaismailogly soň Azerbaýjanyň Transport we aragatnaşyk ministri Reşat Nabiýew bilen birlikde gurluşygy dowam edýän Şuşa ýoluna baryp gördi.



Degişli Habarlar