ÝB, Azerbaýjan-Ermenistan Serhedinde Başdan Geçirilýän Dartgynlyga Alada Bildirýär

“Ähli güýçler 12-nji maýdan ozalky pozisiýalaryna çekilmeli we iki tarap serhet kesgitleme gepleşiklerine başlamaly”

1647909
ÝB, Azerbaýjan-Ermenistan Serhedinde Başdan Geçirilýän Dartgynlyga Alada Bildirýär

 

ÝB, Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde başdan geçirilýän dartgynlyga alada bildirýändigini nygtady we taraplara dartgynlygyň gowşamagy üçin çagyryş berdi.

ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrel tarapyndan berlen beýannamada, iki ýurduň arasynda serhetde soňky günlerde başdan geçirilýän wakalara alada bildirilýändigi nygtaldy we wakalaryň howplydygy bellenildi.

“Dartgynlyk gyssagly gowşamaly” diýlen beýannamada, ÝB-niň taraplara dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durulmagy üçin çagyryş berýändigi nygtaldy.

Beýannamada “Ähli güýçler 12-nji maýdan ozalky pozisiýalaryna çekilmeli we iki tarap serhet kesgitleme gepleşiklerine başlamaly” diýildi.

Beýannamada, Azerbaýjana elindäki ermenileri boşatmagy üçin çagyryş berildi we ÝB-niň serhet kesgitleme  gepleşiklerine goşant goşmaýa taýardygy nygtaldy.



Degişli Habarlar