Ermenistan Ylalaşygy Basgylady

Ermenistanyň goşunlar, Azerbaýjanyň goşunlaryna degiş pozisiýalara belli aralyklar bilen ot açdy

1646104
Ermenistan Ylalaşygy Basgylady

 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, Ermenistanyň goşunlarynyň hüjümleriň bes edilmegi meselesinde gazanylan ylalaşygy basgylandygyny habar berdi.

Ministrlikden berlen beýannamada, Ermenistanyň goşunlarynyň maý aýynyň 24-26-sy aralygynda Gegarkunik welaýatyndaky pozisiýasyndan Azerbaýjanyň goşunlaryna degişli Kelbejer we Gedebeý welaýatlarynda ýerleşýän pozisiýalara belli aralyklar bilen ot açandygy nygtaldy.

Ermeni goşunlarynyň Şuşada hem Azerbaýjana degişli pozisiýalara ot açandygy ýatladyldy.

Azerbaýjanyň goşunlarynyň açylan oda gaýtawul bermändigi we hiç hili ýitgi çekilmändigi nygtaldy.



Degişli Habarlar