Türkiýe Krym tatarlaryň sürgün edilmekleriniň 77 ýyllygy bilen bagly beýanat berdi

Türkiýe ata watanlaryndan zor bilen sürgün edilen kowumdaş Krym tatar türkleri bilen doganlyk Kawkaz halklarynyň gam-gussalaryny bilelikde paýlaşýandygyny beýan etdi

1641561
Türkiýe Krym tatarlaryň sürgün edilmekleriniň 77 ýyllygy bilen bagly beýanat berdi

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç, Krymyň ýerli halky bolan Krym tatar türkleriniň 77 ýyl ozal şu gün ata watanlaryndan zor bilen göçürilip, örän kyn şertlerde sürgün edilendiklerini mälim etdi. 

Tanžu Bilgiç: "1944-nji ýylyň 18-nji maýynda gije 250 müň Krym tatar türk kowumdaşymyz örän kyn şertlerde sürgün edilip, ata watanlaryndan goparyldylar. Bu elhenç hadysada Krym tatar türkleriniň aglabasy ýogaldy, diri galanlar bolsa ata watanlaryna bolan hesretleri bilen ýaşamaga mejbur edildiler. Türkiýe sürgünden 77 ýyl soň Krymyň bikanun anneksiýasyndan gözbaş alýan kynçylyklar bilen synagdan geçirilmäge dowam edýän Krym tatarlarynyň ýetmezçilikleriniň ortadan aýrylmagy, şahsyýetleriniň goralmagy, hal-ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagy we abadan durmuşlarynyň üpjün edilmegi üçin kowumdaşlarynyň ýanynda bolmaga dowam eder" diýip belledi. 

21-nji maýy Çerkez sürgüni hökmünde ýatlap geçýändiklerini aýdan Bilgiç: "21-nji maýy bolsa Rus patyşalygynyň basyp alyşlygynda öz ýurtlaryny terk etmäge mejbur bolup Anadola sygynmaga mejbur galan Kawkaz halklarynyň uly ýitgiler çekip, adamlaryň ýadynda uly tragediýa bolup galan Çerkez sürgüniniň 157-nji ýyly hökmünde ýatlap geçeris. Türkiýe ata watanlaryndan zor bilen sürgün edilen kowumdaş Krym tatar türkleri bilen doganlyk Kawkaz halklarynyň gam-gussalaryny bilelikde paýlaşýar, sürgünde ýogalan adamlara rehnet dileýär we gam-gussaly hadysalaryň öňünde başyny egýär" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar